Täze ýyl iň şatlykly, şagalaňly baýramçylyklaryň biridir. Şu günler bu baýramçylyga taýýarlyk işleri her bir öý-ojagy gurşap aldy diýsek dogry bolar. Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak ýürekleri joşa getirip, ruhubelentlik döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň döwlet derejesinde edýän giň gerimli aladalary netijesinde binagärlik gözelligi has-da artýan obalarymyzda, şäherçelerimizde, şäherlerimizde oturdylan Täze ýyl arçalarynyň dürli öwüşginler bilen ýalkym saçmagy göwünleri galkyndyrýar.
Taryhy ösüşleriň gazanylan ýyly bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny üstünliklere besläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyna gadam basýarys, Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy ýeneki ösüşlere beslejek 2023-nji ýyly garşylaýarys. Şu ýylda amala aşyrylan işlere nazar aýlanymyzda, olaryň mazmun taýdanam, ähmiýeti taýdanam uludygyna göz ýetirmek bolýar. Çünki ol dostlugyň, birek-birege hormat goýmagyň we rysgal-berekediň ýyly hökmünde agzybir halkymyzyň ýadynda hemişelik galar.
Her bir maşgalada Täze ýylyň mynasyp garşylanmagy, saçaklaryň giňden ýazylyp, dürli naz-nygmatlardan doly bolmagy ugrunda türkmen telekeçileriniň, şeýle hem döwlet kärhanalarynyň alyp barýan işlerini-de agzap geçsek ýerlikli bolar. Telekeçilerimiz we hojalyk jemgyýetleri, uly söwda merkezleri ilata täze önümlerini hödürlemek bilen çäklenmän, ýokary arzanlaşyklary hem yglan edipdir. Täze ýyl baýramynda toý desserhanyny dürli nygmatlar bilen bezemek halkymyzda asylly ýörelgedir. Adamlaryň Täze ýyly mynasyp garşylamaklary üçin ýurdumyzdaky söwda bazarlarydyr dükanlaryndaky haryt bolçulygy doly tassyklaýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamagyny hem-de göwnejaý toýlamagyny üpjün etmekdäki tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde ähli tagallalaryň edilýändiginiň subutnamasydyr.
Goý, täze — 2023-nji ýyl her bir ojaga rysgal, döwlet, bagt eçilsin!
Begenç BALLYÝEW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler