Russiýanyň Çelýabinsk şäheriniň meşhur «Ural» tans topary 25-nji sentýabrda ilkinji gezek Aşgabat şäherine gelýär. Şol gün «Ural» tans topary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ilkinji konsertini berer.
Tomaşaçylara tans toparyň meşhur çykyşlary görkeziler. Şeýle hem konserte gatnaşyjylar Russiýanyň halk saz gurallaryny çalýan sazandalaryň ýörite döreden sazlaryny diňläp bilerler.
«Ural» tans topary 40 ýyl mundan ozal ýagny 1980-nji ýylda Wladimir Karançinsew tarapyndan döredildi. Häzirki wagta çenli bu tans topary dünýäniň dürli ýurtlarynda aýlanyp konsert berip gelýär.
Teswirler