“Türkmen teatr sungaty” atly festiwaly geçirildi

2022-nji ýylyň 21-25-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherindäki teatrlarda “Türkmen teatr sungaty” atly festiwaly geçirildi. Bu festiwalyň çäklerinde 22-nji maýda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sungat işgärleriniň hödürlemeginde “Ygrar ataşy” atly sahna oýny görkezildi.

Bu sahna oýnuna tomaşa etmäge ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.     

Öz kärleriniň eýeleri bolan ýaş hem-de halypa artistleriň ýerine ýetirmeginde görkezilen ajaýyp sahna eseri biziň taryhymyzy, Amul galasyny, milli küllalçylyk sungatymyzy beýan edýän wakanyň üsti bilen    dürli ýaşdaky adamlar üçin görkezilen sahna tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniňII ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok