«Telekeçiler mekdebiniň» direktory Agöýli Orazgylyjow: Uçurumymyzyň üstünligi bizi buýsandyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda “Komodo” onlaýn olimpiadasynyň “Salamander” kategoriýasy  (10 ýaşa çenli) boýunça absalýut ýeňijisi Emir Han Ahmedowy sylaglandyryş dabarasy geçirildi.

«Telekeçiler mekdebiniň» direktory Agöýli Orazgylyjow, özüniň ýolbaşçylyk edýän «Telekeçiler mekdebiniň» uçurymy Emir Han Ahmedowy gazanan ýeňişi bilen gutlap geçdi.  Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça 1-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Emir Han Ahmedow “Telekeçiler mekdebinde” iňlis dilini tamamlady.

Agöýli Orazgylyjow özleriniň uçurymy bolan Emir Han Ahmedowyň üstünligine buýsanýadyklaryny belläp geçdi. Geljek günlerde Emir Han Ahmedow üçin Daşoguz welaýatynda hem ýörite sylaglandyryş dabarasynyň geçiriljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da duşuşyga gatnaşanlar türkmen topragynda Zamahşary, Faraby we Biruny ýaly akyldarlaryň ýaşap geçendigini belläp geçdiler. Häzirki döwürde bolsa ýaşlaryň ylym-bilim almagy babatynda edilýän goldawyň netijesi hökmünde häzirki ýaşlar üstünlikleriň üstini ýetirýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok