Talyplaryň arasynda geodeziýa dersinden bäsleşik geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Geodeziýa boýunça I internet ders bäsleşigi geçirildi.

Ders bäsleşiginiň esasy maksady, talyplaryň Geodeziýa dersi boýunça alan hünär bilimlerine we başarnyklaryna baha bermek, hünär ukyplaryny ýokarlandyrmaga goşant goşmak, döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek, şeýle-de sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň özara aragatnaşygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Ders bäsleşigine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdy. Şu ýokary okuw mekdeplerinden jemi 30 talyp gatnaşyp olar öz bilimlerini başarjaňlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda ýeňijileri oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenip, olaryň 3 sanysy I orun, 6 sanysy II orun we 9 sanysy III orunlary eýelediler.

Işjeň ýagdaýda geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Abdyllaýew Atajan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Annamyradow Döwletnazar, Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Saparow Timur 1-nji orna mynasyp boldular.

Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmäge, barha ösýän jemgyýetde başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň hünäri boýunça öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmäge, olaryň alan nazary bilimlerine daýanyp, hünär ussatlygyny has-da ösdürmäge itergi berer.

Şatlyk PYGAMOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok