Aýdym-saz hemişe halkymyzyň durmuşynyň ýarany bolup gelipdir. Bu günki gün bolsa ol bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy bu gadymy hem müdimi senedimiziň umumadamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigini bütin aýdyňlygy bilen tassyklady.
Ajaýyp zamanamyzda türkmen halk saz döredijiligine uly sarpa goýulýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy.
Gadymy döwürlerden bäri aýdym-saz sungatyny alymlarymyz, söz ussatlarymyz öz edebi mirasynda wasp edip geldiler. XVIII asyrda ýaşap geçen, ýüzlerçe gazallary döreden görnükli türkmen şahyry Gaýypnazar Gaýybynyň: «Saz bilen söhbedi ýaman diýmäňler, Adam, Howa dünýä gelende bardyr» diýen ajaýyp sözleri bar. Ata-babalarymyz bagşy-sazandalar barada «Bagşyly il — bagtly il», «Sazandanyňky il bilen», «Toýuň bezegi bagşydyr» ýaly öwüt-ündewleri, pähimleri miras galdyrypdyrlar.
Täçmämmet AMANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler