Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde däp bolşy ýaly Garaşsyz Diýarymyzda gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi–taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň netijesinde medeniýet we sungat ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen döwleti ykdysady taýdan berk kuwwata eýe boldy. Döwlet derejesinde halkyň milli ruhunyň galkynmagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Halkymyzyň uçar ganaty saýylýan behişdi bedewler buýsanjymyzdyr, şan-şöhratymyzdyr, toýlaryň bezegidir, durmuşymyzyň ýaraşygydyr. Olaryň tarypy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda, bagşylarymyzyň aýdymlarynda hemişe belentden ýetirilip gelinýär.
Ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpanyň belentdedigini, onuň gözelligine dünýä ýüzünde aşyklaryň sanynyň barha artýandygyny 20-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisine sanly ulgam arkaly gatnaşan bu guramanyň daşary ýurtly agzalarynyň aýdanlary hem görkezýär. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Behişdi bedewlerimiz ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, buýsanjymyz, göz guwanjymyz, türkmen ojagynyň ýaraşygy we tutumly toýlaryň bezegi bolup geldi” diýip buýsanç bilen belledi.
Aýgül ABDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler