Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Rahym Esen aradan çykdy

Şu gün ýagny, 24-nji aprelde Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Rahym Esenow 96 ýaşynyň içinde aradan çykdy. “InAshgabat” portalynyň redaksiýasy Rahym Eseniň ýakyn dogan-garyndaşlaryna uly gynanç bildirýär. Goý, halypanyň jaýy jennetden bolsun!

Rahym Esen barada durup geçsek..

Esenow Rahym Magtymowiç 1927-nji ýylyň 1-nji fewralynda Aşgabat şäherinde dogulýar. Ol ýazyjy, Rus ýazyjylar Bileleşiginiň agzasy, Beýik Watançylyk Urşunyň weterany. Rahym Esen Türkmen döwlet uniwersitetiniň Rus filologiýasy fakultetini okap üstünlikli tamamlaýar.

Halypa ýazyjy dürli ýyllarda dürli wezipelerde (Türkmenistan SSR-niň radio komitetiniň baş redaktory, Türkmenistan SSR-niň Medeniýet ministri, Türkmenistanyň ýazyjylar bileleşiginiň ýolbaşçysy) zähmet çekýär.

Türkmenistanyň Halk ýazyjysy – “Peýkam”, “Turanyň göz ýaşlary”, “Sary Dominionyň kölegeleri”, “Şübheli”, “Aýyplamalaryň pidasy” ýaly eserler ýygyndylarydyr, kitaplaryň “Baýram han”,  “Dünýäde sen barkaň” atly uly göwrümli romanlaryň awtorydyr. Ýazyjynyň birnäçe eserleri dünýäniň dürli dillerinde neşir edildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok