Türkmenistanyň muzeýleriniň arasynda «Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň usulyýeti we wirtual muzeýiniň mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019 – 2025nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ähli pudaklarda bolşy ýaly muzeý işini sanly ulgama geçirmek, kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ulgam, muzeý işinde hem özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Muzeýlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy innowasion tehnologiýalar arkaly medeni mirasymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi, türkmen halkynyň geçmişini öwrenmäge, gorap saklamaga hem-de olary dünýä ýaýmaga uly ýardam berýär.
Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň iri muzeýleriniň hem resmi saýtlary işe girizildi. Häzirki wagtda olarda goralyp saklanýan muzeý gymmatlyklarynyň bir bitewi elektron binýadyny döretmek baradaky işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem häzirki wagtda www.museum.gov.tm internet saýty we www.virtualmuseum.gov.tm wirtual muzeý internet saýty döredildi. Wirtul muzeý internet saýtyna giren her bir adam Döwlet muzeýine wirtual syýahat edip bilýär. Bu saýt Döwlet muzeýiniň ekspozisiýasyny wirtual ýagdaýda synlamaga mümkinçilik döredýär. Ulanyjy wirtual syýahaty öz islegi boýunça gyzyklandyrýan temasyny saýlap bilýär. Olarda: “Gadymy döwür”, “Marguş”, “Antika”, “Orta asyrlar”, “Haly” bölümleri, Türkmenistanyň etnografiýasyna we tebigatyna degişli bölümleri bilen şekilleri basmak arkaly zallaryň witrinalarynda, dioramalarda ýerleşdirilen gymmatlyklary golaýdan giňişleýin synlamak we wirtual syýahat etmäge mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki iri muzeýlerinde hem wirtual muzeýleri döretmek işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň muzeýlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we wirtual muzeýleri döretmegiň ähmiýetini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň muzeýleriniň arasynda «Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň usulyýeti we wirtual muzeýiniň mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Olar çykyşlarynda ýurdumyzda sanly ulgam arkaly häzirki zaman muzeýler ulgamynyň işini gurnamaga, dolandyrmaga we sanly ulgamy kämilleşdirmäge muzeý hünärmenleri üçin döredilýän mümkinçilikler barada durup geçdiler. Şeýle hem muzeýlerde guralýan sergileriň mazmunyny ösdürmek, muzeýlere gelýänleriň ünslerini çekýän, olary höweslendirýän şertleri döretmek üçin sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri hem-de ähmiýeti barada durup geçdiler.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä wagyz etmäge ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen wirtual muzeýleriň döredilmeginde giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Ogulmaral Orazowa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni
Teswirler