Türkmenistanda baý tebigy, kesel bejeriş baýlyklary, taryhy medeni mirasy syýahatçylygy ösdürmäge oňaýly şertleri döredýär. Soňky wagtda ýurdumyzda ekosyýahatçylygy giň gerim bilen ösýär. Ekosyýahat gymmatbaha syýahatlara garaňda, ülkämiziň tebigatny öwrenmegi höwes edýän öz ýurdumyzyň adamlary üçin amatlydyr. Türkmenistanda ekosyýahatlar esasan Bathyz, Repetek, Amyderýa, Köýtendag, Sünt-Hasardag we beýleki milli goraghanalara guralýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gadymy Nusaýa, Köneürgenje, Köpetdagyň owadan ýerlerine, Garagum çölüne ýörite marşrutlar açyldy.
Garaşsyzlyk alanymyzdan soňra biziň ýurdumyz dünýäniň 60 –dan gowrak ýurdundan jahankeşdeler gelip görýärler. Ýurdumyzda halkara syýahatçylygy ösdürmeklik üçin gazanylan easasy üstünlik Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasyna agza bolmagydyr. Bu gurama 1975-nji ýylda döredilipdi, biziň ýurdumyz bu gurama agza bolup 1993-nji ýylda girdi. Garaşsyzlyk ýylary içinde Milli syýahatçylyk pudagyny döretmek maksady bilen 1994-nji ýylda “Türkmensyýahat” Döwlet syýahatçylyk korporasiýasy döredildi, häzirki wagtda Türkmenistanyň syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti onuň hukukoruntutary bolup durýar. 1993-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä syýahatçylyk guramasyna agza boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda pudagyň döredilen pursadyndan başlap, esasy üns onuň kadalaşdyryjy hukuk esaslarynyň we maddy tehniki binýadynyň döredilmegine berildi.
2010-njy ýylyň maý aýynda kabul edilen Türkmenistanyň “Syýahatçylyk hakynda” täze kanuny we 2011-nji ýylyň awgust aýynda kabul edilen “Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny goldamagyň we ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar döwür üçin” milli Maksatnamasy syýahatçylygy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň ýurdumyz köp sanly syýahatçylyk forumlaryna, ýarmarkalaryna, sergilerine we maslahatlara yzygider gatnaşyp başlady. Netijede biziň ýurdumyzda ýerleşen syýahatçylyk kärhanalary daşary ýurt kärhanalarynyň 300-den gowragy bilen şertnama baglaşdy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň girizilmegi bu pudagyň Garaşsyzlyk ýyllaryndan başlap nähili derejede bat alyp başlandygyna şaýatlyk edýär.
.
Täzegül Saparowa,
Türknen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň mugallymy.
Teswirler