Aýdym-saz – köňülleriň ganaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşyň ähli ugurlary bilen birlikde, mähriban halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy, medeni mirasymyzyň, baý sungatymyzyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi ugrunda möhüm ädimler ädilýär. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, ähli köňülleriň ganaty bolan aýdym-saz sungatyny ösdürmek “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda uly rowaçlyklara beslenýär. Halkymyzyň medeniýeti we sungaty ösüşiň belent sepgitlerine gadam basýar.

Türkmen aýdym-saz sungaty öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny türkmen nusgawy şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň şahyrana şygyrlarynda we beýleki baý taryhy çeşmelerde görmek bolýar. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gelip çykyşy we onuň şöhratly ösüş ýoly ylmy edebiýatlarda hem öz beýanyny tapýar.

Aýdym-saz adamlary, halklary birleşdirip, jebisleşdirýär, birek-biregi asylly işlere ruhlandyrýar, köňüllere ylham hem-de joşgun paýlaýar. Ynsan durmuşynda aýdym-sazyň terbiýeçilik ähmiýeti has uludyr. Saz adamyň ruhuny, köňlüni arassalaýar. Saz öňde goýlan maksat-myradymyza ýetmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, dünýägaraýşymyzy giňeltmäge  itergi berýän gudratly güýç bolup çykyş edýär. Muny häzirkizaman ylmynyň gazanan netijeleri, toplanan maglumatlar hem doly subut edýär.                                       

Medeniýet – bu halkymyzyň kalbynyň aýnasydyr. Çünki onda mähriban halkymyzyň milliligi, edim-gylymy, milli häsiýetleri, ahlak sypatlary ýaly mukaddes duýgular öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň aýdym-saz sungaty köpöwüşgünli bolmak bilen, türkmen topragynda kemala gelen bu inçe sungat özüniň gadymylygy, ýerine ýetirijilik özboluşlylygy, gaýtalanmajak şirin labzy bilen tapawutlanýar.

Häzirki wagtda türkmen aýdym-saz sungatynyň dünýä derejesindäki meşhurlygy ýyl-ýyldan artýar. Halkymyzyň aňynda ebedi orun alan “Görogly” şadessanynyň hem-de dabaraly toýlarymyzyň ýaraşygy bolan küştdepdi tansynyň, şeýle hem türkmeniň ýetmiş iki saz guralynyň naýbaşysy, aýdym-mukamyň gözbaşy, bu günki eserleriň sözbaşysy dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi – bu beýik jadyly aýdym-saz sungatynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň beýany bolup, ol aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu ähmiýetli wakalar bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň kalbynda medeni mirasymyza, medeniýetimize we sungatymyza bolan belent söýgini has-da goşalandyryp, onuň mukaddesligine düşünmäge giň mümkinçilik açýar.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösdürilmegi ugrunda uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, mertebesi belent bolsun! Türkmen aýdym-sazlarynyň joşgunly belent owazynyň ýaňy asyrlardan asyrlara aşsyn!

Gudrat ALLABAÝEW,

Gubadag etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok