Sylap «arhiw» 30 ýaşynda

«Göze görünmeýän, söýgi bilen edilýän işler bir millet üçin köplenç uly ähmiýete eýe bolýar…

Gadyrly okyjylar, bugün size ýakynlary arasynda “Sylap arhiw” diýip tanalýan Alladurdy Atdaýewi tanatmak isledik. Munuň sebäbi bolsa Sylabyň söýgüsi bolan, ömrüniň ýarysyndan gowragyny bagyş eden gyzyklanmasy, şahsy arhiwidir.

Hawa, Sylabyň öýünde şahsy arhiwy bar. Ol sazanda halypalarymyzyň, ussat bagşylarymyzyň ýazan ses ýazgylaryny, wideoşekillerini eýýäm 16 ýyla golaý wagt bäri ýygnaýar.

Arhiwinde bolsa 1926-njy ýyldan günümize çenli ähli sungat işgärleriniň ýazgysyny tapmak mümkin.

Ondan başga-da Sylabyň Pürli Saryýew, Rejep Ulugow, Orazgeldi Ylýasow, Han Jumadurdyýew dagylar hakynda özüniň düşüren dokumental filmleri hem bar. Bally Hajyýew, Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow, Döwran Täçmämmedowlar hakynda bolsa radio gepleşikleriň awtory.

Sylaby ýakyndan tanaýanlar gowy bilýär, eger ýurdumyzyň başga bir künjeginde halypalarymyzyň biriniň ýazgylaryndan tapylsa Sylap haýal etmezden şol ugra tarap ýola düşýär. Barýar, gerek bolsa oturgyçlarda ýatyp turýar, ýöne şol ýazgyny alyp gaýdýar.

Sylabyň interwýu alan adamlaryny agzasak Annageldi Jülgäýew, Juma Ýazmyradow, Hojadurdy Narlyýew, Rejep Allaýarow, Atageldi Garýagdyýew, Gülşirin Alyjanowa, Akmyrat Çaryýew, Kerim Gurbanalyýew, Gasan Mammedow, Sabir Rezaýew, Batyr Çaryýew we başga-da birnäçe ussat halypalary görkezip bolar. Alladurdy Atdaýewiň ilkinji halypalarynyň hatarynda kakasy Hangeldi Atdaýew, atasy Baýramgeldi Atdaýew, Oraz weli ogly (Weli arhiwiň ogly) we Muhamet Ýazmyradow (Juma Ýazmyradowyň ogly) dagylary hasap edýär. Olaryň halypalygynda birnäçe taryhy kino ýazgylary, täze ýyl filmleri we gülküli satira ýumorlaryny döretdi.

Ol döwrümiziň birnäçe bagşy-sazandalary bilen hem işledi. Sylaby bugün size tanyşdyrmagymyzyň sebäbi onuň 30 ýaş doglan gününe redaksiýamyzdan sowgat etmek isledik, şeýle täsin gyzyklanmalary bilen medeniýetimiziň goralyp saklanmagyna, baýamagyna uly goşandyny goşýan watandaşymyzy size tanatmak isledik.

Ol 1992-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda doglup, 2009-njy ýylda 2-nji orta mekdebi tamamlaýar.

Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Sylaby bugünki 30 ýaş doglan güni bilen gyzgyn gutlap, durmuşynda, edýän işlerinde üstünlikli bolmagy arzuw edýäris.

Sylap arhiw barada goşmaça maglumat üçin Gysgaça podkastlarynyň 8-nji sanynda özüniň beren gürrüňlerini diňlemegiňizi maslahat berýäris.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok