Garaşsyz hem Bitarap ata Watanymyzda baý medeni mirasly halkymyzyň gymmatly däp-dessurlary, toý-baýramlary täze many-mazmuna eýe boldy. Medeni hem ruhy gymmatlyklarymyz müňýyllyklaryň dowamynda watandaşlarymyzyň kalbynda hasyl bolan maksat-hyýallaryň beýanydyr. Häzirki wagtda taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milliligimizi aýap saklamak we ony geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça giň gerimli işleriň ençemesi amala aşyryldy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy hem halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, ynsanperwerlige esaslanýan ýörelgelerini dabaralandyrýar. Bu milli baýramyň ajaýyp däpleri, milli tagamlary, halk oýunlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji marty “Halkara Nowruz güni” diýlip yglan edildi. Şeýle-de Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizildi. Bu bolsa Nowruz baýramynyň halkara ähmiýetini, dünýä halklary bilen doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ornuny äşgär edýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly syýasy çäreler bu baýramyň gymmatly däplerini ylmy taýdan çuňňur öwrenmäge hem-de döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Çünki bu möhüm senäniň däpleri halkymyzyň edebi mirasyny, ruhy gözellik dünýäsini öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Taryhyň gatlaryna ser salnanda hem, bu milli baýramyň dessurlary goňşy halklar bilen medeni gatnaşyklaryň has-da berkemegine hyzmat edipdir.
Milli bahar baýramy diňe bir milliligiň baýramy bolman, ol gözelligiň, tebigatyň, köňülleriň baýramydyr. Nowruzyň gelmegi bilen tebigat janlanyp, älem-jahan joşa gelýär, gülzarlyga beslenýär. Sahawatly sähradyr-düzlerimiz, aňyrsyna gözýetmez bereketli meýdanlarymyz ýaşyl begrese bürenýär. Merdana halkymyzyň ekerançylyk bilen bagly däpleri hem Nowruzda berjaý edilýär. Gül-gülzarlyga beslenen owadan ýaýlarymyzda edermen babadaýhanlarymyz sepen tohumynyň müňlemegi üçin ýagşy niýet edip, täze bol hasylyň düýbüni tutmaklyga girişýärler. Türki halklaryň medeniýetine, ruhy dünýäsine mäkäm ornaşan Nowruz baýramy nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimiziň görnüşleri bolan küştdepdidir-lälelerde, hüwdüdir-gazallarda, monjugatdylarda, aýdymly dessanlarda giňden şöhlelendirilýär. Bu günde diýarymyzyň ähli künjekleri toý ruhuna beslenýär, köňüllerde döwrümize, milli mirasymyza bolan buýsanç, guwanç duýgusyny oýarýar. Nowruz baýramynyň dünýä ýaň salýan şowhun-şagalaňy, belentden ýaňlanýan dabarasy kalplara bahar joşguny bolup dolýar.
Pursatdan peýdalanyp, Milli bahar baýramy bilen ähli türkmen halkymyzy, Hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, bu ajaýyp baýramyň joşguny her bir maşgala ojagyna bagtyýarlyk, abadanlyk bolup dolsun!
Babyş ATAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
mugallym-öwrenijisi.
Teswirler