“Nowruz” stikerleri instagramda näme manyny aňladýar?

Ýakyn wagtda instagram jemgyýetçilik torunda “Nowruz” atly täze stikerler peýda boldy, ýöne munuň manysy näme? Olar nämäni aňladýarlar?  “Android” we “IOS”-daky Instagramyň täzelenen wersiýasynda täze “Nowruz” baýramçylygy mynasybetli mowzukly stikerler ýörgünli bolup başlady. 

Ulanyjylara stikerleriň dürli görnüşi: Merkezi Aziýaly bir gyzy ýada salýan ýakymly baharyň güneşi, täze aýyň şöhlesinde aýdym-sazdan lezzet alýan jübütler, adamyň elinde milli tohum semenini saklaýşy we ş.m. şekiljikler hödürlendi.

Nowruz, Pars senenamasynda ýylyň ahyryna gabat gelýän we baharyň (ýagny 20-nji mart ýekşenbe) gününde dünýäde geçirilýän iň gadymy festiwal bolan täze pars ýylydyr. Eýran mifolofgiýasyna görä, ol 15 müň ýyl ozal bellenipdi. Nowruz sözi “täze gün” diýmegi aňladýar, aslynda by iki gadymy pars sözüniň birleşmesi bolup durýar. Bu baýramçylyk Pars imperiýasynyň düzümine girýän ähli halklar, ýagny Azerbeýjan, Owganystan, Albaniýa, Bosniýa, Türkmenistan,Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Yrak, Päkistan, Türkiýe, Kürdüstan halklary tarapyndan bellenilýär. 

Nowruz baýramçylygy 13 güne çenli dowam edýär we bu döwürde adamlar birek-birege salam bermek we sowgat hökmünde süýji we gül getirmek üçin birek-biregiň garyndaşlaryna baryp görüşýärler.

Enejan BABAKULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok