Ata Watanymyza bahar pasly gelip, beýik daglarymyzy, ymgyr çöllerimizi, seleň sähralarymyzy mahmal howasyna gaplap aldy. Bahar pasly özi bilen diriliş hem şatlyk, hoşmeýillilik hem ruhubelentlik getirýär. Tebigat gyşyň ýapan ak donuny çalşyryp, al-ýaşyl nagyşlara beslenen owadan lybasyny geýýär. Gadymy döwürlerden bäri bahar pasly täzelenişiň nyşany, täze günüň, täze durmuşyň başlangyjy hasaplanýar. Älem-jahanyň elwan güllere, dürli reňklere beslenen günlerinde eziz diýarymyzda täzelenişiň, täze işleriň, täze umytlaryň baýramy bolan Nowruz baýramy uly dabara bilen bellenilip geçilýär.
Nowruz Gündogar halklarynyň gadymy baýramlarynyň biri. Nowruz täze gün diýmegi aňladýar. Bu baýram gije-gündiziň ýazky deňleşýän wagty – 21-nji martda bellenilýär. Tebigatyň täze görke gelip, ynsan kalbynyň, ruhunyň joşgun alýan bahar paslynda bellenilýän Nowruz baýramy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu baýramyň halkara derejesinde bellenilmegi hem Nowruzyň parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik däplerini özünde jemleýändiginiň alamatydyr.
Milli bahar baýramy türkmen halkymyzyň arasynda rysgal-berekediň, agzybirligiň, päkligiň, halallygyň baýramy hasaplanýar. Baýramçylyk günlerinde halkymyz “Görk agyzdan, görmek eginden” diýen paýhasa eýerip, täze egin-eşik geýýärler, milli tagamlary taýýarlaýarlar. Agzybirlikde saçaklar dürli naz-nygmatlar bilen bellenýär. Birek-birege duz-tagam datmaga,täze gün ene ýere jan girmegi bilen gutlamaga barylýar. Milli bahar baýramynda taýýarlanylýan tagamlaryň naýbaşysy hem semenidir.
Semeni “Päkize, näziklik” diýen manylary aňladýar. Semeni baýramçylyk saçagynyň bezegi bolup gelýär. Ak bugdaý gögerdilip taýýarlanylan Äşe Patmanyň aşy bolan semeniniň ysy hoşboý bolýar. Bu tagamy taýýarlamak üçin fewral aýynda ak bugdaýy süýem barmagyň ikinji bognuna çenli galyňlykda agaç tabagyň üstüne ýazmaly hem-de suwlap durmaly. Bugdaý gögerenden soň, gök maýsasyny gyrkyp almaly, köküniň üstünden suw akydyp, sokuda döwmeli, suwuny bir gaba guýup, köki ýene-de döwmeli. Kökden çykan ýaşylymtyl süýji suwa döwlen köki goşmaly. Semeni gaýnadýan ojaga ýakyn goňşy-golamlar hem kömege gelýär. Semeni gaýnadylýan wagty, milli däbimize laýyklykda, semenini gaýnadýan adamyň kalby arassa, pikiri sagdyn, niýeti düzüw, dili ýagşy sözli bolmaly. Taýýar bolan semenili gazany bir gije gapagynyň ýarsyny açyp goýýarlar. Çünki gadymy ynanja görä, gije goýlan aşdan Äşedir Patma dadyp görýärmiş. Ata-babalarymyzdan gelýän yrym-ynanja görä, şeýle edilse ir säherden gapagy açylan semenili gazanyň ýüzünde bäş barmagyň yzy bolýarmyş. Şondan soňra semenili tabaklar goňşy öýlere paýlanylýar. Milli bahar baýramynyň saçagyna semeni, süýtli aş, şüle, ýarma, gatykly unaş, ysmanakly börek ýaly tagamlar hem goýlupdyr.
Milli bahar baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen bellenýän ilimizde aýdym-sazlar belentden ýaňlanýar. Geçirilýän dürli milli oýunlar, sport ýaryşlary baýramçylygymyzy bezeýär. Bu görnüşler Milli bahar baýramymyza täze, döwrebap öwüşgin berýär. Agzybir halkymyzyň uly şatlyk bilen belleýän Milli bahar baýramy gutly-mübärek bolsun!
.
Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Teswirler