Pekin şäherindäki Türkmenistanyň ilçihanasynda nowruz baýramy çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynda türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy we halkara nowruz güni mynasybetli “Halklaryň dostluk ýyly” atly çäre geçirildi.

Hytaýyň döwlet işgärleri, kärhanalarynyň ýolbaşçylary, Aziýa sebitiniň we GDA ýurtlarynyň ilçileri we diplomatlary, at senagaty birleşiginiň agzalary, Hytaý halkara parahatçylyk gaznasynyň wekilleri, Hytaý parahatçylyk medeniýet gaznasy, ulag we logistika kompaniýalary türkmen diplomatik  wekilçiligi tarapyndan gurnalan çäräniň myhmanlary boldular.

Çäräniň dowamynda myhman;ar daşky gurşawy goramakda agzybirligiň alamaty hökmünde hytaý arça agajyny oturtdylar. Çäräniň barşynda bu ýere ýygnanlar türkmen milli tagamlary, aýdym-sazy bilen tanyşdylar we Türkmenistanda neşir edilen kitaplar bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.

Gurbanjemal ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok