Dünýäniň iň beýik şaglawugy

Wenesuelanyň Boliwar ştatynyň Kanaýma milli seýilgähiniň çäginde ýerleşýän Anhel şaglawugy hasaplanýar. Tebigatyň täsin bu beýik şaglawugyň töwereginde guşlaryň 500-den gowrak, orhideýa maşgalasyna degişli gülleriň bolsa, 500-den gowrak görnüşi, şeýle hem gurbagalar, maýmynlar, dürli mör-möjeklerdir kirpiler, garynjalar we birnäçe janly-jandarlar, ösümlikler gabat gelýär. Şeýle hem, Anhel şaglawugy töweregindäki baý ekoulgamy bilen syýahatçylary özüne çekipdir.

Bu şaglawugyň ady, onuň üstünden uçup geçen amerikaly pilot Jeýms Eýnjeliň hormatyna dakylandyr. Ýagny, Jeýms Anhel dag-magdan känlerini gözläp ýörkä bu täsin şaglawugy asmandan görüpdir. Ol soňra bu ýere gaýtadan 1937-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda maşgalasy hem-de üç sany ýoldaşy bilen gelýär. Şeýlelikde, bu täsin şaglawuga uçarmanyň hormatyna onuň ady dakylýar we 1939-njy ýylda ilkinji gezek Wenesuelanyň kartasynda onuň ýerleşýän ýeri görkezilýär. Munda başga-da, tokaýda ýaşaýan ýerli ýaşaýjylara şaglawuk ozaldan mälim bolup, ýerli ilat ony «Kerepakupai-Meru» diýip atlandyrypdyrlar.

Selbi GARAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok