Şu ýyl Mary welaýatynyň kitaphanasynyň döredilmegine 110 ýyl bolýar. Ol ilkinji bolup 1912-nji ýylda Merw uýezd kitaphanasynyň binýadynda döredildi.
Welaýat kitaphanasy ýyllar boýy adamlarda kitaba bolan söýgini ösdürmek we ýokary ahlakly, ýurdumyza wepaly adamlary terbiýelemekde hyzmat edip gelýär. Bu kitaphanada uzak ýyllaryň dowamynda hünärmenleriň birnäçe nesli täzelendi.
Welaýatyň iň iri kitaphanasy bolan we 3 milliondan köpräk kitap gory bolan bu kitaphananyň täze binasynyň dabaraly açylyşy 2011-nji ýylda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde amala aşdy. Kitaphana birbada 600 okyjyny kabul edip bilýär. Kitaphananyň üç gatynda kitap saklanyýan otaglar, kitap ussahanasy, ýörite bölümleriň iş otaglary, şol sanda abatlaýyş otaglary, okalgalaryň dokuzysy, kompýuter tehnikalary bilen üpjün edilen otaglar, maslahatlar-otaglary, çagalar otagy we ýaşulular üçin aýratyn okalga bar.
Gülşat BAÝRAMGULYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler