Ýagşydan at galar

Diýdiler: “Dünýäde  nämedir  gyt  zat?”
Üç  gezek  diýdiler: “Ussat, ussat, ussat”
“Näçe  gyt  bolsa-da, ussat” – diýdiler,
“Çyn  şägirt  ondanam  gyt  zat” – diýdiler.

Bu  setirler  ussat  şahyr, Kerim  Gurbannepesowyň  ötgür  galamyndan  çykan  setirler.  Elbetde,  ussat  diýlende  ilki  bilen  ussat  aktýor  we  dramaturg  Bazar  Amanow  ýadyňa  düşýär. Ussat  halypa – Bazar  Amanow  1908-nji  ýylda  Ahal  welaýatynyň   1-nji  Babadaýhan  obasynda  dünýä  inýär.  Ol  heniz  3 ýaşyndaka,  ýagny,  1911-nji  ýylda  ejeden  we  kakadan  jyda  düşüp, ýetim  galýar.  Enäniň-atanyň  mährinden  mahrum  bolan  ýaş  Bazar, 1923-nji  ýyla  çenli onuň-munuň  gapysynda  hyzmat  edip  gezipdir.

Ýetimligiň, garyplygyň  agyr  keşgini  gerdeninde  göterip  ýören  ýaş  ýigit,  nädip  şeýle  ýokary  derejelere  ýetdi?  Bu  soragyň  jogaby  siziň  ähliňizi  hem  gyzyklandyrýan  bolsa  gerek. Men  oturyp  bu  soragyň  jogabyny  gözledim.  Bu  soragyň  jogaby  meni  “Yhlasa – myrat”  diýen  pähimli  sözlere  golaýlaşdyrdy. Ussat  aktýor hem  dramaturg  Bazar Amanow  ýokary  okuw  jaýyny  tamamlap,  eline  diplom  alan  şahsyýet  däl.  Emma,  onuň  ýiti  zehini, aktýorçulyga bolan  höwesi  öz  geljeginiň  ýoluny  röwşen  ýagtylandyrdy.  Onuň  ýazan  “Mollanepes”, “Jadyly  nagyşlar”,  “Kemine”,  “Aýazhan”, “Hazynalar  adasy”,  şeýle-de, Garaja  Burunow  bilen  bilelikde  ýazan  “Keýmir  kör”,  pýessalary  sahnada  goýuldy.  Bu  sahna  eserleri  hem  örän  şowly  çykdy  we  tomaşaçylaryň  gyzgyn  söýgüsini  gazandy.  Aýratyn-da,  onuň  “Keýmir  kör”  pýessasy  ýatda  galan  sahna  eseridir.

Eziz  okyjym!  Siz  häzir  pikir  edýänsiňiz: “Näme  üçin  Bazar  Amanowyň  ömri  barada  makala  ýazdyka?”  diýip. Men  bu  sowala  sada  jogap  berýärin. Men  özümi  Bazar  Amanowyň  ýaş  şägirdi  diýip,  hasap  edýärin.  Çünki  onuň  ýazan  pýessalary  maňa  köp  zady  maslahat  berýär. Onuň  öz  durmuşyndaky  wakalar  bolsa,  maňa  ähli  işimde  yhlasly  bolmagy  öwredýär.  Aýratyn-da,  onuň  ýazan  “Mollanepes”  pýessasyny  diňe  men  däl, örän  köp  kişi  özüne  ýakyn  hasaplaýar. Çünki  bu  pýessa,  hem  bilimli  bolmagy, hem-de  päk  söýgiňe   wepaly  bolmagy  ündeýär.

Bazar  Amanow  ussat  dramaturg  hem  aktýor.  Men  bolsa  onuň  okyjysy  hökmünde,  Bazar  Amanowyň  ýeten  derejesine  ýetmegi  arzuw  edýärin  we  onuň  ömür  arabasynyň  yzyny  yzarlap, şol  derejä  ýetjekdigime  ýürekden  ynanýaryn.

Kitaplaňdan  öwüt  alsam,
Setirleriň  dür  manyly.
Meniň  hijem  armanym ýok,
Bolsam  bolýa  siziň  ýaly.

Feride HOJAÝEWA,

Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  halkara
Nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok