Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Döwlet Baştutany bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde ilki bilen şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine barýan pursadynda täze dünýä inen we atşynaslaryň haýyşy boýunça oňa at dakan taýçanagy bilen didarlaşdy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz şol wagt bu taýçanaga ýurdumyzyň ösüşinde täze döwrüň başlanýandygyny nazara alyp, Zaman diýip at dakypdy. 

Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan Zaman atly taýjagaz bilen bir günde dünýä inen alabaýa at dakyp bermek haýyş edildi. Döwlet Baştutany ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa «Eýýam» diýip at dakdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok