Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy.
Bilşimiz ýaly, türkmen halky köňül hemdemi bolan dutaryny saz gurallarynyň şasy hasaplaýar. Dutaryň gudratly ruhy güýje eýedigi hakykatdyr. Onuň şabram şelpelerinden syzylyp çykýan şirin owazlar ynsanyň köňül tary bilen birigip, aýratyn bir sazlaşygy emele getirýär. Dutaryň owazy ata-babalarymyzdan miras galan gadymy gymmatlyklarymyza, medeni mirasymyza söýgimizi artdyrýar, şanly geçmişden şöhratly günlerimize çenli dowam edip gelýän döwletlilik ýolumyza buýsanç döredýär. Dutaryň mukamlary türkmen halkynyň milli ýaşaýyş we durmuş kadalarynyň, däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň dowamat dowama uzaýandygynyň aýdyň hakykatyny gursagymyza guýýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň gymmatyna taý tapyp bolmajak baý mirasy dünýäde uly at-abraýa, şan-şöhrata eýe boldy. Watançylygyň, merdanalygyň, şahandazlygyň, wepalylygyň öçmejek nusgasy bolan «Görogly» dessançylyk sungatymyz, şirinden ýakymly, gadymdan gelýän hoş owazlary aýaklaryň hereketleri bilen sazlaşyga getirip, märekäni ýüpsüz baglaýan «Küştdepdi» aýdym we tans dessurymyz, gözelligi bilen dünýäniň halklarynyň gözüni gamaşdyrýan halyçylyk sungatymyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilende, başymyz gök diräp, göwün guşumyz al-asmana göterilipdi. Ine, ýakynda gelip gowşan ýene bir hoş habar halkymyzyň kalbynda uly şatlyk, buýsanç, ruhubelentlik döretdi.
Jemile ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler