29-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda Ahalteke atlaryny seýislemek sungaty we Türkmen alabaýlary ýetişdirmek sungaty ýaly gadymy türkmen sungatlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işler dogrusynda hem gürrüň edildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik tory taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň paýtagtyny «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek üçin hödürnamanyň ýagdaýyna hem seredildi.
Teswirler