Köýtendag

Merkezi Aziýanyň uly dag ulgamy bolan Gissar daglarynyň Türkmenistandaky bölegi bolup durýan Köýtendag demirgazykda kert gaýaly gerişleri bilen aşyp bolmaýan belentlikleri emele getirýän bolsa, günbatar tarapynda Köýten derýajygyna tarap peselip ugraýar. Köýtendagyň uzynlygy 100 kilometrden gowrakdyr we inine ýaýrawy 25 kilometre çenli ýetýär. Dagda kükürt, gurşun, kaliý, nahar duzy, daş kömür gabat gelýär.

Köýtendagda syýahatçylary özüne çekýän ençeme täsin ýerler bar. Hojapil obasynyň golaýyndaky dag ýapgydynda dinozawrlaryň irki döwürlerden galan yzlary daşary ýurtlarda-da hem bellidir. Alymlar ol yzlaryň 150 million ýyl mundan öňki ýokary ýura eýýamyna degişlidigini çaklaýarlar. Bu ýerde dinozawrlaryň yzlarynyň müňlerçesi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Köýtendagdaky gowaklaryň biri bolan Garlyk gowagy 3 kilometre çenli uzalyp gidýär. Köýtendagyň Umbardere jülgesinde 27 metr belentlikden akýan şaglawuk ýurdumyzda iň uly şaglawuklaryň biridir.

Köýtendagyň deňiz derejesinden 3139 metr belentlikde ýerleşýän Aýrybaba gerşi hem Türkmenistanda iň beýik dag gerşi hasaplanýar. Bu ýerdäki kiçiräk kölleriň birindäki kör balyklar hem tebigatyň täsinlikleriniň biridir. Bu balygyň gözi-de, teňňeleri-de ýok. Köýtendagdaky Ketdekol bolsa, Türkmenistanyň iň çuň kölleriniň biri bolup, onuň çuňlugy 59 metre ýetýär.

Aknur MÄMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok