“Epson” şereketi suwotulardan bioplastik öndürmegi meýilleşdirýär

Global tehnologiýa lideri “Epson”, adam we planeta gönükdirilen gözleg işlerini artdyrmak kararyna geldi. Bu maksada laýyklykda, daşky gurşawa täsirini azaldýan täze materiallaryň we tehnologiýalaryň ösüşini maliýeleşdirer. Birinji maksat, suwotulardan 3D printer bilen bioplastik öndürmek bolup durýar.

“Epson” – adam we planeta gönükdirilen gözleg işlerine 100 milliard ýapon ýeni möçberinde maýa goýumyny goýar. Bu maksat bilen önümleriň we materiallaryň ösüşini maliýeleşdirer. Birinji maksat tebigy we biodegrirlenip bilinýän plastmassalary we gaýtadan işlenen metallary ulanmak bolar.

Bu ugurda üstünlik gazanmak we dünýädäki bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin “Epson” dünýä belli alymlardan maslahatlary we görkezmeleri alýar. Kompaniýa çeşmeleriň ulanylyşyny azaltmakdan başlap, galyndylary azaltmaga çenli sosial meseleleriň çözgüdini tapmagy esaslanmagy maksat edinýär. Bu maksat bilen, işgärlere hemme zatdan öňürti durnukly çözgütlere gönükdirilen çemeleşmede täze pikirleri paýlaşmak we hyzmatdaşlyk etmek has höweslendiriler. 

“Epson” aşa köp girdeji gazanmazdan adalatly girdeji gazanmagy we eýeçilik tehnologiýalaryny, önümlerini we hyzmatlaryny ulanýan açyk hyzmatdaşlyk arkaly durnukly jemgyýeti goldamagy maksat edinýär.

Annaoraz ANNAORAZOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok