Diýarymyzda türkmen halkynyň, şol sanda, ýaşlaryň sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil bolup ýetişmekleri boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Sport bilen meşgullanmak bolsa şeýle endikleri kemala getirýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi ýurt syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda goýýar. Muňa jogap edip, türgenlerimiz dürli halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşýan türkmen sportunyň wekilleri 2021-nji ýylda hem üstünlikli çykyşlary bilen begendirmegi başardylar. Türgenlerimiz Agyr atletika boýunça geçirilen dünýä çempionatynda iki sany kiçi bürünç medala mynasyp boldular. Şeýle-de Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Polina Gurýewa XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp bolmagy başardy.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem biziň üçin ýatdan çykmajak taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogyndaky saýlama ýaryşynda ildeşlerimiz üstünlikli çykyş etdiler. Şeýlelikde, ýaşlar ýygyndymyz 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşmaga ilkinji gezek hukuk gazandylar.
Myrat ATABALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler