Öňümizdäki ýyllarda tehnologiýa pudagyna näme garaşýar?

Bize mälim bolşy ýaly “tehnologiýa” gün-günden ösýär. Şol sebäpli hem sarp edijileriň, tehnologiýa pudagyndan garaşýan zatlary günsaýyn artýar. 10 ýyl mundan ozalky bilen deňeşdireniňde köp tehnologiýa höwesjeňlerini tolgundyrýar. Emeli aň, ýüz ýa-da barmak yzlaryny tanamak tehnologiýalary ýa-da ýokary tizlikli internet her kimiň durmuşyny we endiklerini üýtgetmegi dowam etdirýär. Biz bu makalada tehnologiýa dünýäsine nämeleriň garaşýandygyny paýlaşýarys!

1. AR tehnologiýasy onlaýn söwdanyň aýrylmaz  bölegi bolar.
Satyjylaryň potensial alyjylara önümi satyn almazdan ozal elindäki ýaly görmäge mümkinçilik berýän bu tehnologiýa geljekde onlaýn söwda ugruny düýpgöter üýtgeder diýlip çaklanylýar.

2. Tehnologiýada durnuklylyk ähmiýete eýe bolar.
Soňky ýyllarda tutuş dünýä durnuklylyga uly ähmiýet berip başlady. Tehnologiýa pudagy bu meselede yza galmaýar we uzak möhletli enjamlar öndürip başlaýar. 2022-nji ýyl köne enjamlary çalyşmak däl-de, abatlamak we gaýtadan ulanmak baradaky tagallalaryň öňe sürjek ýyly bolar. Täze enjamlaryň uzak ömri ýokarlandyrmak we daşky gurşawa ýaramaz täsirlerini azaltmak üçin has ygtybarly materiallardan ýasalmagyna garaşylýar.

3. Öndürijilik, kompýuter isleginiň başynda bolar.
Uzakdan işlemek, uzakdan öwrenmek ýa-da oýun oýnamak üçin kompýutere zerurlyk artdy. Şeýle-de bolsa, bu zerurlygyň 2022-nji ýylda we ondan soňky döwürde has ýokary öndürijilige öwrülmegine garaşylýar. Hususan-da, güýçli grafikany we işlemegi talap edýän iş ýerlerinde oýun kompýuteriniň üpjün ediş ölçegleri hem ileri tutulýar.

4. Adaty şahsyýeti anyklamak wezipesi aradan aýrylar.
Täze tehnologiýalaryň ýaýramagy bilen parollary ulanmak ýuwaş-ýuwaşdan geçmişe öwrüler. Öňümizdäki ýyllarda barmak yzynyň we biometrik ýüz tanamak mümkinçiligi bolan enjamlaryň we amaly programmalaryň köpelmegi bilen parolsyz tassyklamaga ýuwaş-ýuwaşdan üýtgeşme giriziler. Bu ösüş diňe bir ýüzlerçe paroly ýatda saklamak we yzygiderli üýtgetmek meselesini aradan aýyrman, kiberhowpsuzlygy hem ep-esli ýokarlandyrar.

Erejepgül ARAZGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok