Şu gün ýurdumyzyň ýaş aýdymçylarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda geçirilip, oňa eminler toparynyň hem-de «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda, «Owaz» radioýaýlymynda halk köpçüliginden köp sms habarnamasy gelen aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. Eminler topary aýdymçylaryň ukyplaryna görä baha berdiler. Netijede, aýdymçy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Begenç Çaryýew «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» diýen adyň eýesi boldy. Begenç Çaryýewe göçme kubok dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşikde baýrakly birinji orna Rüstem Hallyýew, ikinji orna Bahar Annaýewa, üçünji orna bolsa Baýramhan Saparow mynasyp boldy.
Täze ýylyň öň ýanynda geçirilýän bäsleşige gatnaşyjylar onuň düzgünnamasyna laýyklykda bir aýdymy sazly, beýlekisini bolsa sazsyz ýerine ýetirdiler. «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» diýen ada mynasyp bolan aýdymçy Begenç Çaryýew birinji şerte laýyklykda öz döreden «Söýenim» atly aýdymyny sazly, ikinji şerte görä bolsa, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gözlerine döreden «Ýaşasym gelýär» atly aýdymy ýerine ýetirdi.
Teswirler