Ýagyş hakynda gyzykly maglumatlar

Ýagyş, zerur gurşawa ýeteninden soňra suw buglarynyň damjalar görnüşinde ýere gaçmagydyr. Ýagyş gaty möhümdir.  Sebäbi ähli janly-jandarlaryň ýaşaýşyny dowam etmegi esasan suwa baglydyr.  Suwuň janly-jandarlar we ösümlikler bilen tebigy ýagdaýda üpjün edilip bilinmegi ýagyşa baglydyr. Ýagyş wagtynda ýeterlik derejede ýagmasa, ösümlikler zerur suwy alyp bilmezler we toprak suwsyzlanar ýada gurar. Soňra haýwanlar we adamlar bu guraklyk sebäpli özüne gerekli suwy alyp bilmezler. Şeýle-de oba hojalygy tebigy suwlaryň ýetmezçiligi sebäpli azyk ýetmezçiligi ýüze çykar.

Ýagyş nädip döreýär?

 Ýagyş, suwuň “suw-bug-ýagyş” aýlawynyň bir bölegidir.  Mälim bolşy ýaly, suw adaty şertlerde suwuk görnüşde duş gelýär. Temperaturanyň ýokarlanmagy bilen buga öwrülýän suw howada ýokary galýar we bulut toparlarynda ýygnanýar.  Adatça suwuň 100° C-de hemişe bugarýandygy çak edilýär.  Howanyň basyşyna baglylykda suw 100° C-den pes temperaturalarda bugaryp biler.

Bulutlaryň emele gelmegine mümkinçilik berýän suw çeşmeleri esasan ummanlar, deňizler, köller we derýalardyr.  Howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen suwuň bugarmagy ýokarlanýar.  Şonuň üçin ýyly guşaklykdaky sebitler (ekwatorial sebitler) bulutlaryň iň köp ýüze çykýan ýerleri hasaplanýar.

Güljemal GAÝLYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok