«Mähirli zenan» HK-nyň ýolbasçysy HGI-de talyp ýaşlar bilen açyk sapak geçirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda telekeçilik barada pikir alyşma maslahaty geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy wekili Merdan Ataýew we “Mähirli zenan” hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Aýna Durdylyýewa çykyş etdi.
Telekeçi Aýna Durdylyýewa telekeçilik bilen gyzyklanýan ýaşlara öz tejribesi, zähmet ýoly bilen bir hatarda, olaryň  durmuşynda jemgyýet we maşgala gymmatlyklarynyň eýelemeli orny barada-da nesihatlar berdi.
Şeýle-de “Mähirli zenan” hususy kärhanasynyň öndürýän önümleriniň önümçiligi barada görkezme maglumatlar ýaşlarda gyzyklanma döretdi. Ondürilýän onümleriň hilini, dizaýnyny, rahatlygyny we ýakymlylygyny ýokary derejä ýetirmekde edilýän işler barada.
Bu duşuşyklar TSTP-nyň «Ýaş Telekeçiler merkezi» tarapyndan ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok