Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, ýurduň ykdysady we durmuş ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar.
Milli Liderimiziň öňe sürýän baslangyçlary esasynda degişli düzümleri sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrebaplasdyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen köpugurly ösdürmek boýunça kabul edilýän wajyp çözgütler durnukly maliýe ulgamynyň we ygtybarly hukuk gursawynyň has-da kämillesdirilmegine gönükdirilýär.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna birzasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň ýzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän jemi içerki önümiň ösüş depgini özüniň durnukly ösüşini saklap gelýär.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalasdyrmak, ähli infrastrukturany gowulandyrmak üçin ýurdumyzda uly möçberde maýa goýumlar çekildi we bu işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ykdysadyýetiň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum syýasaty önümçilik serişdeleriniň netijeliliginiň ösüşine, umumy islegiň we jemi içerki önümiň durnukly ösmegine itergi berýän goşmaça täsiriň ýüze çykmagyny şertlendirdi.
Öňde goýlan wezipäni çözmek üçin häzirki zaman milli hasaplar ulgamyna geçmek işi amala asyrylýar. Bu ulgam makroderejede ykdysadyýetiň ýagdaýynyň we ösüşiniň umumy görnüşini häsiýetlendirmek, has möhüm makroykdysady görkezijileriň hem-de pudaklaryň arasynda özara baglanyşyklary ýola goýmak üçin ulanylýar.
Ýurdumyz jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe JIÖ-iň adam başyna düşýän möçberi hem yzygiderli ýokarlanýar. Bütindünýa banky ýurdumyzyň ilatynyň adam başyna düşýän girdejileriniň derejesi boýunça ortadan ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna goşdy. Bu bolsa ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly yolbasçylygynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna ynamly goşulýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.
Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy, halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny has-da pugtalandyrýar.
Bu ugurdaky işleriň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlaryny giňişleýin gurşap alandygyny bellemek mümkindir.
Döwrebap sanly innowasion tehnologiýalaryň günsaýyn ösýän zamanasynda ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, täze görnüşlerini tejribä ornaşdyrmak, hil taýdan kämil derejä çykarmak hem-de marketingiň ýörelgelerinden ugur almak bilen, öňde goýulýan wezipeler öz derwaýyslygyny görkezýär. Sebäbi, häzirki döwürde “Innowasiýalar”, “Innowasion iş”, “Innowasion ykdysadyýet” adalgalary has giňden ulanylyp, olara dünýä ýüzünde örän uly ähmiýet berilýär.
Sanly ykdysadyýetiň ylmy kesgitlemesi şundan ybaratdyr: – innowasion tehnologiýalarda elektron hyzmatlaryň guralyşyna we harytlaryň möçberine esaslanýan ykdysadyýetdir, ýagny sanly tehnologiýalary ulanýan ykdysady önümçilikdir. Ýurdumyzda ýörite ykdysady zolaklary döretmek, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gymmatly kagyzlaryň bazarynyň işini güýçlendirmek, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýyny yzygiderli artdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallary edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Şemşat Kiçigulowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy
Teswirler