Ýurdumyzda täze çeper halyçylyk ussahanasy açylar

Ýurdumyzyň şanly Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Güýçbirleşik obasynda täze haly ussahanasy açylar. Häzirki wagtda binanyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Desgany Marynyň ýüňi gaýtadan işleýän kärhanasy we “Altyn gum” hususy kärhanasy gurdy.

Bu ussahana takmynan 300 inedördül metr meýdany tutýar. Bu ýerde ýüz töweregi senetçiniň döredijilik işi üçin ähli şertler döredilipdir. Lebaply senetçiler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 168 inedördül metr meýdanly tegelek haly dokadylar.

Täze haly ussahanasy sowadyjy enjamlar, ýyladyş we howa çalşygy ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan giň hem ýagty otaglar bilen üpjün edilendir. Gurluşykçylar çeper elli aýal-gyzlaryň ussahananyň bezeginiň we enjamlaşdyrylyşynyň hili babatynda nägile bolmazlygy üçin, ýeterlik alada edipdirler.

Belläp geçsek geçen ýyl Aşgabatda täze haly fabrigi guruldy. Bu kärhana ýylda 1650 inedördül metr haly we haly önümlerini öndürmäge niýetlenendir.

Söhbet ILIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok