Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde Türkmenistanyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşik yglan edildi.
Bäsleşige 17 — 35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilýärler.
Bäsleşigiň birinji tapgyry 2021-nji ýylyň dekabry aýynyň 1 — 5-i aralygynda, ikinji tapgyry 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 10 — 15-i aralygynda, jemleýji tapgyry bolsa 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 15 — 20-si aralygynda geçiriler.
Bäsleşigiň birinji tapgyrynda, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden döwlet we iri-medeni çärelere işjeň gatnaşyp, «Türkmen owazy» teleradioýaýlymyna ýylyň dowamynda gelen hatlar we sms seslenmeler arkaly saýlanan, halkyň söýgüsini gazanmagy başaran ýaş zehinli aýdymçylaryň emin agzalarynyň saýlamagynda iň köp ses alan 30 sanysy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Ikinji tapgyrda bolsa, Emin agzalar tarapyndan iň köp ses alan 30 sany ýaş estrada aýdymçylaryň aýdymlary diňlenip, olaryň iň ezberleri saýlanyp alnar.
Saýlanan 20 aýdymçynyň aýdymlary «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma berler we tomaşaçylardyr diňleýjilerden gelýän sms seslenmelerine esaslanyp, şolaryň içinden iň köp ses alan 10 (on) sanysy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň uly studiýasynda geçiriler we oňa ikinji tapgyrda iň köp sms seslerini alan aýdymçylar gatnaşarlar. Olar bir aýdymy orkestriň sazandarlyk etmeginde, eminleriň we tomaşaçylaryň öňünde, ýene bir aýdymy bolsa sazsyz ýerine ýetirerler/. Her çykyşdan soň emin agzalary aýdymçynyň ukyp-başarnygy barada öz pikirlerini aýdarlar. Jemleýji tapgyryň ahyrynda emin agzalary we tomaşaçylar çykyş eden aýdymçylara ses bererler. Şol sesleriň we sms seslenmeleriniň iň köpüsini alan aýdymçy hem bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan ediler we «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada, onuň göçme nyşanyna, diplomlara, Hormat hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlara eýe bolar.
Bäsleşigiň ýeňijileri Baş baýrak «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitlenip, ýeňijiler diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşan ähli aýdymçylar Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.
Teswirler