HEMIŞELIK BITARAPLYK-ÖSÜŞLERIŇ BELENT ÝOLY

Türkmenistan daşary gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýär hem-de sebitde we dünýäde parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, birek-birege hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli ýörelgeleriň esasynda hereket edýär.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygy ählumumy ösüşi nazarlaýar we oňa ýardam bermek wezipesinden ugur alýar. Bitaraplyk türkmen döwletiniň berkararlyk sütünleriniň biridir. Onuň taryhy ähmiýeti hem örän uludyr. Baky Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň Ýer ýüzünde amala aşyrýan beýik işleri we öňe sürýän oňyn başlangyçlary ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da beýgelmegine getirýär. Bitaraplygymyz öz gözbaşyny gadymdan — Oguz han atamyzyň döwründen alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz goňşy ýurtlar, ähli halklar bilen agzybir, oňşukly, parahat ýaşamaga çalşypdyrlar. Olar beýleki milletleriň medeniýetini, sungatyny we däp-dessurlaryny hormatlapdyrlar. Häzirki wagtda hem Türkmenistan taryhy, syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary bolan goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz şeýle ýurtlar bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmeklige we ähli ugurlarda giňden hyzmatdaşlyk etmeklige özüniň daşary syýasat ugruny üstünlikli amala aşyrmagyň örän möhüm kepillendirmesi hökmünde garaýar.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ugruny durmuşa geçirmek, wezipeleri çuňňur oýlanşykly we ählitaraplaýyn ylmy taýdan esaslandyrylan hukuk resminamalarda berkidilendir. Häzirki wagtda Türkmenistan umumy ykrar edilen esasy halkara konwensiýalaryň we şertnamalaryň 150-ä golaýyna gatnaşýar we olar ata Watanymyzyň netijeli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň halkara-hukuk esaslaryny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ähli döwletler bilen parahatçylygy saklamak, howpsuzlygy üpjün etmek, adam hukuklaryny berjaý etmek, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we ekologiýa howpsuzlygy babatynda tagallalary birikdirmek ugrunda giň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň sebitiň ýurtlary hem-de bütin dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýan işjeň we oňyn ornuny tassyklady. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi bilen ol milli kanunçylygymyzda hem öz beýanyny tapdy. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda  «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Onda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasynda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hem-de goldanylan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik esaslary kesgitlenildi. Bu Kanunda baky Bitaraplygymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy berkitmäge, sebitiň we bütin dünýäniň döwletleri bilen dostlukly we birek-birege hormat goýmak esasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen esas bolup durýandygy barada aýdylýar. Türkmenistan öz Bitaraplygyna ygrarly bolmak bilen bir hatarda Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň ählumumy kabul edilen halkara-hukuk namalary esasynda dowam etdiriljekdigini gaýta-gaýta tekrarlaýar.

Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň üstünlikli netijesi, jebisliginiň miwesi, geljekki sepgitleriň daýanjy, kämil nesilleri ösdürip ýetişdirmegiň ygtybarly binýady bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi hem, baky Bitaraplygymyzyň dünýädäki ähmiýetiniň-de uludygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, ýüze çykýan meseleleri we jedelleri  parahatçylykly ýol bilen çözmegiň tarapdary bolup, halkara arenasynda gatnaşyklaryň berk pugtalanmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýar. Bu babatda 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi hem onuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesiniň dünýä derejesinde —  Birlleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletleriň biragyzdan ses bermeginde degişli Kararnamalaryň ikisi bilen doly ykrar edilmegi halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu gün Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýeke-täk ýurt hasaplanýar. Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýy içerki ösüşlerimizi kepillendirýär hem-de sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýol açýar.

.

Mylaýym HUDAÝNAZAROWA,

D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň Koreý dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok