Ýurdumyzyň alymlary Stambuldaky halkara maslahata gatnaşar

Ýurdumyzyň alymlary Stambul şäherinde geçiriljek «VI halkara arap dilindäki kitaplar we medeniýet günleri» dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu dabara Türkiýäniň Ýazyjylar birleşmesiniň Stambul şahamçasy tarapyndan ýurduň Hökümetiniň ýardam bermeginde geçiriler.

Türkiýede däbe öwrülen «VI halkara arap dilindäki kitaplar we medeniýet günleri» dabarasy indi altynjy gezek geçirilýär. Şu ýyl dabaralar 3 ― 7-nji noýabr aralygynda geçiriler.

Altynjy halkara maslahatyň baş mowzugy «Mawerannahrdan Anadola akan tasawwuf çeşmesi» diýlip atlandyrylýar. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, dabaralaryň çäginde gadymy arap dilli edebiýatyň Merkezi Aziýadan Anadola çenli barýan akymy yzarlanylar. Dabaralaryň çäklerinde çykyşlary diňlemek, özara pikir alyşmalary we sergi guramak ýaly çäreler geçiriler. Olara gatnaşanlara gymmatly kitaplar hem sowgat berler.

Ýurdumyzyň alymlary bu ylmy maslahata ozal hem gatnaşypdylar. Biziň ildeşlerimizden başga-da, maslahata Türkiýäniň, Siriýanyň, Saud Arabystanynyň, Yragyň, Liwanyň, Iordaniýanyň, Müsüriň, Tunisiň, Sudanyň, Kataryň, Kuweýtiň, Özbegistanyň we başga-da köp sanly döwletleriň wekilleri gatnaşar.

Leýla ÝUSUPOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok