Ýurdumyzda ýene bir äpet haly dokalar

Ýurdumyzyň şanly Bitaraplyk baýramçylygyna gabatlap, ýakynda Balkan wealýatynyň Serdar şäherindäki çeper haly kärhanasynyň ussat halyçylary tarapyndan meýdany 210 inedördül metr bolan naýbaşy haly dokalar. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hünärmeni Ogulmaral Amanjaýewanyň aýtmagyna görä, äpet hala ahal gölleri salnar we ol «Türkmeniň ak öýleriniň» birini bezär.

Gadymdan gelýän türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi tötänden däldir. El haly dokamak syrlaryny saklap galan çeper elli zenanlarymyz ýene-de üstünlikleri bilen haýran edýärler.

Mälim bolşy ýaly geçen ýyl Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky çeper haly kärhanasynyň halyçylary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýdany 168 inedördül metrlik nala meňzedilen tegelek haly dokapdylar.

Belläp geçsek, şu ýyl 1941-1942-nji ýyllarda dokalan ilkinji äpet «Türkmen kalby» halysynyň dokalanyna 80 ýyl dolýar.

Amangeldi AŞGAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok