“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ykjam goşundysyna ýükleri daşamak hyzmaty girizildi

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Türkmenistan” awiakompaniýasy AGPJ-niň ykjam goşundysynda ýükleri we ýollamalary daşamak hyzmaty ýola goýuldy. Ykjam goşunda “Ýükleri daşamak” düwmesi goşundynyň baş sahypasyndaky “Beýlekiler” bölümçesinde ýerleşdirildi.

Täze aýratynlykly täzelenme eýýäm “Google Play” we “AppStore” internet dükanlarynda goýuldy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ykjam goşundysynyň üsti bilen ýük ugratmagy ýola goýmak üçin ýüküň iberiljek şäherini, şeýle hem eltmeli salgyny, alyjynyň telefon belgisini we maglumatlaryny girizmek ýeterlik. Eltip bermek hyzmatynyň tölegini goşundy arkaly geçirmek üçin bolsa ýüküň agramyny we göwrümini görkezmeli. Ýüki ýollamak üçin howa menziline eltmek hökmandyr.

Täze hyzmat ýurdumyzyň 5 sany iri howa menzilinde hem amala aşyrylýar.

Aýbölek DURDYBAÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok