«Türkmenistan Sport» teleýaýlymynda «El-Klasiko» göni efirde görkeziler

24-nji oktýabrda Ispaniýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda «Barselona» öz meýdançasynda «Realy» kabul eder. La ligada sekiz tapgyrdan soň Real 17 utuk bilen 2-nji orunda, Barselona 15 utuk bilen 7-nji orunda barýandygyny ýatladýarys.

Futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan «Barselona» bilen «Realyň» arasyndaky gapma-garşylyk şu hepde Ýewropada iň esasy duşuşyklaryň biri bolar.

Şeýle hem «Türkmenistan Sport» teleýaýlymynda Ýewropanyň futbol çempionatlarynyň oýunlarynyň dokuzysy göni ýaýlymda görkeziler.

22-nji oktýabr
21:25 «Seriýa A» (Italiýa) — «Torino» — «Jenoa»
23:25 «Bundesliga» (Germaniýa) — «Maýns» — «Augsburg»

23-nji oktýabr
16:25 «Çempionşip» (Angliýa) — «Kardiff Siti» — «Mildsboro»
18:25 «Bundesliga» (Germaniýa) — «Bawariýa» — «Hoffenhaým»
21:25 «Bundesliga» (Germaniýa) — «Gerta» — «Borussiýa M.»
23:55 «La Liga» (Ispaniýa) — «Atletik Bilbao» — «Wilýarreal»

24-nji oktýabr
15:25 «Seriýa A» (Italiýa) — «Atalanta» — «Udineze»
19:10 «La Liga» (Ispaniýa) — «Barselona» — «Real Madrid»
21:25 «La Liga» (Ispaniýa) — «Real Betis» — «Raýo Walýekano»

Bek Hasanow,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok