Ýakynda Litwada futzal boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Wilnýus, Kannaz, Klaýpeda şäherinde geçirilen çekeleşikli duşuşyklara baý bolan ýaryşa Aziýa yklymyndan hem toparlar gatnaşdy. Ýöne türkmenistanly futzal janköýerlerine ýakyndan tanyş Eýranyň, Ýaponiýanyň, Özbegistanyň, Tailandyň we Wýetnamyň ýygyndylary 1/8 finaldan aňryk geçip bilmediler.
Dünýä çempionatynyň finalynda Argentinanyň hem Portugaliýanyň ýygyndy toparlary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýewropaly «braziller» 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Şeýlelikde, Portugaliýanyň ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempiony boldy. Diňe bu toparyň däl, eýsem, dünýäniň futzal ýygyndylarynyň biri 36 ýaşly Rikardinýo bolsa ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.
Baýrakly üçünji orun ugrundaky duşuşykda Braziliýanyň ýygyndysy gazagystanyň toparyndan rüstem geldi — 4:2. Ýeňlişe sezewar bolandygyna garamazdan, belli brazil hünärmeniniň baş tälimçilik etmegindäki gazagystanly futzalçylaryň tutuş ýaryşyň dowamynda ygtybarly, sazlaşykly oýun görkezendigini bellemek gerek.
Arslan Kerimow,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler