Çuwaş döwlet uniwersitetinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi

I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullgy  habar berýär.

Çuwaş döwlet uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplar Geňeşiniň giňişleýin mejlisinde, türkmenistanly talyplar ýurdumyzyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrdylar. Mejlisiň çäginde talyplaryň arasynda «Meniň uniwersitetim: uniwersitet maňa näme berýär, men uniwersitete näme berýärin» atly bäsleşik geçirildi. Döredijilik bäsleşiginde baýrakly orny eýelänleriň arasynda Türkmenistanly talyp Nurjemal Gaýybowa hem bar. Duşuşyga gatnaşanlara türkmen çaýy hödürlendi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok