Ýurdumyzda öndürilen gazyň mukdary 55 milliard kub metrden geçdi

Ýurdumyzda tebigy gazyň gazylyp alnyşy şu ýylyň sekiz aýynda 55 milliard kub metrden geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkideb 10 milliard 400 million kub metr köpdür. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Tebigy gazyň gazylyp alynmagynyň artdyrylmagy dünýä bazarynda ýangyja bolan islegiň ýokarlanýandygy bilen baglanyşykly bolup durýar. Şunlukda, Türkmenistan tebigy gazyň 31 milliard kub metre golaý mukdaryny eksport etdi. Bu hem 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aralygyndaky görkezijiden 8 milliard 300 million kub metr artykdyr. Ösüş depgini bolsa 137%-e deňdir. Tebigy gazy ýurdumyzdan esasy import ediji Hytaý bolup durýar.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly ýylda 40 milliard kub metr gaz eksport edilýär. Bu gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 55 milliard kub metr gaz geçirmäge mümkinçiligi bardyr.

Iberilýän gazyň aglaba bölegi Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýerleşýän dünýäniň iň uly gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känine degişli bolup durýar.

Arzygül JOMADOWA,

D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok