Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Ermenistanda we Azerbaýjanda gutlag çäreleri geçirilýär. 23-24-nji sentýabr aralygynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagy Ýerewanyň merkezi meýdançalarynda we köçelerinde oturdylan mahabat monitorlarynda ýerleşdirildi.
Bu çäre Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen 27-nji sentýabrda belleniljek Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyldy. Şuňa meňzeş 24-nji sentýabrda, sagat 18:25-de Azerbaýjanyň “Mədəniyyət” teleýaýlymy teleýaýlymy türkmenleriň medeni işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertini ýaýlyma berdi. Bu barada “CentralAsia.news” web sahypasy habar berýär.
Azerbaýjanly tomaşaçylar Türkmenistanyň meşhur sungat işgärlerine ýokary baha berdiler. Teleýaýlymda halk döredijiliginiň çykyşlary, halk döredijiliginiň ansambllarynyň baýramçylyk sowgady, estrada aýdymçylaryň çykyşlary görkezildi.
Bu möhüm senäniň hormatyna Aşgabadyň we Bakunyň döwlet uniwersitetleri telekonferensiýa gurandy. Geçirilen telekonferensiýada döwlet we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Goňşy halklaryň ýurdumyzyň Garaşsyzlygy mynasybetli çäreleri geçirmegi Türkmenistanyň sebit we dünýä derejesindäki abraýynyň barha rowaçlanýandygyny şeýle-de goňşuçylyk gatnaşyklaryň pugtalanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bägül MERDANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler