Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabadyň «Ферула» («Çomuç») fotokluby «Ферула 2021» Halkara II fotosuratlar bäsleşiginiň başlanandygyny yglan etdi.
Bu fotosurat bäsleşigi ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Fotografiýa Sungaty Halkara Federasiýasynyň (FIAP), Amerikanyň fotografiýa jemgyýetiniň (PSA), şeýle hem IS internasional klubunyň howandarlygynda geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin www.isalons.net saýtynda hasaba alynmaly.
Bäsleşige «Reňkli erkin fotosurat», «Ak-gara erkin fotosurat», «Adamlar we olaryň duýgulary», «Dünýä şäherleri» ugurlaryndan fotosuratlar kabul edilýär.
Bäsleşigiň jemi 20-nji oktýabrda yglan ediler. Bu halkara fotosurat bäsleşigine dünýä ýurtlarynyň 40-syndan suratçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Oňa gatnaşýanlar FIAP, PSA, IS guramalarynyň we «Ферула» klubunyň altyn, kümüş we bürünç medallary ugrunda bäsleşerler.
Bäsleşigiň bellenilen salgysyna eýýäm Angliýa, Awstraliýa, Bolgariýa, Belgiýa, Germaniýa, Hindistan, Italiýa, ABŞ, Ukraina, Russiýa Federasiýasy, Makao, Çili we beýleki ýurtlardan işler gelip gowuşdy.
Eziz AMANGELDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.
Teswirler