Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýy barha belende galýar.
Eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň gözbaşynda duran beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna ýakynlaşdyrýan her bir günümiz Berkarar döwletimiziň şöhratly taryhyna altyn sahypalary ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halky eşretli durmuşyň hözirini görüp, tutanýerli we döredijilikli zähmeti bilen nurana geljeginiň binýadyny berkidýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bir döwlete gulluk etmegi arzuwlan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen öňe barýar. Garaşsyz, Bitarap döwletimiz Arkadag Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady, medeni taýdan çalt depginlerde ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanmaga berilýän täze tehnologiýaly zawod-fabrikler, elektrik stansiýalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar ata Watanymyzyň gülläp ösmegine itergi berýär.
Milli Liderimiziň «Şöhratly senelere zähmet sowgatlary bilen barmak halkymyzyň asylly däbidir» diýip parasatly belleýşi ýaly, şanly ýylda eziz Diýarymyzyň çar ýanynda gurlup, ulanylmaga berlen hem-de binýady tutulan durmuş-ykdysady we medeni maksatly desgalardyr binalar ata Watanymyzyň buýsançly baýramyna mynasyp sowgat bolup, geljekki nesillere ýadygärlik galar. Şu şanly ýylymyzda ulanylmaga berlen hem-de düýbi tutulan desgalara nazar salsaň, Garaşsyzlyk bilen galkynan eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilen işleriň gymmatynyň, şöhratynyň asyrlara barabardygyna göz ýetirip, erkana durmuşymyza buýsanjyň artýar.
Ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilige, ynanyşmaga esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen taglymatydygy guwandyrýar. Bu taglymat Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýär. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar bilen ata Watanymyzyň taryhyna ýazylýan 2021-nji ýylda-da parahatçylyk arkaly ösüş-özgerişleriň gadamy batlanýar.
Aýgül GURBANOWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Türkmen edebiýaty kafedrasynyň
müdiri.
Teswirler