Halk hojalygynyň gazananlary sergide görkezilýär

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri giňden açyp görkezdi. Däp boýunça, oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary, hususy we döwlet edaralary, sosial pudagyň müdirlikleri çagyryldy. Ýokary derejede gurnalan sergi, hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek boýunça syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz sergä gatnaşyjylara iberen gutlag sözünde “Türkmenistan ̶ parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýyl we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenýän günlerinde guralan bu giň gerimli sergi milli ykdysadyýetde we sosial sferada gazanylan ägirt uly sepgitleriň aýdyň beýany boljakdygyny” belläp geçdi.

Sergide goýlan önümler ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýär. Belläp geçsek ýurdumyzyň daşary söwdasynyň düzüminiň 60% eksport, 40% importdyr. Milli önümleriň ýurt daşyna eksportynyň ösmegine ýardam edýän esasy faktorlaryň arasynda Türkmenistanyň dürli ýurtlarda işleýän Söwda öýleri-de agzalýar. Mundan başga-da söwdanyň ösmeginde Döwlet haryt we çig mal biržasy uly tagallalary edýär. Serginiň dowamynda iş gepleşikleri, kärhanalaryň täze önümleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Osman ANNAMUHAMMEDOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok