Şanly Garaşsyzlygymyz dünýä metbugatynda

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýar. Eziz Watanymyzda ýokary derejede bellenilip geçirilýän bu baýramçylygy halkara neşirleriň ünsüni özüne çekýär.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkiýe Respublikasynda “Yerli düşünce” we “Istanbool Today”, Awstriýa Respublikasynda “Galkynysh”, Hindistanda “Business Central Asia” hem-de Pakistanda “The Diplomatic Insight” žurnallarynyň ýörite sanlary neşir edildi. Bu neşirlerde ýurdumyzyň syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we hukuk ulgamynda, ylymda, medeniýetde ýeten beýik sepgitleri, gazanan üstünlikleri sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylyşy baradaky makalalar çap edildi.

Bulardan başga-da, bu neşirlerde şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy barada, paýtagtymyz Aşgabadyň maý aýynda bellenip geçilen 140 ýyllygy barada makalalar ýerleşdirilen.

Bu žurnallaryň sahypalarynda milli parlamentiň iki palataly görnüşe geçmegi bilen baglylykda, ýurdumyzda bolup geçen ähmiýetli durmuş-syýasy wakalar baradaky teswirlere we maglumatlara hem aýratyn orun berilýär.

Daşary ýurt neşirleriniň ýurdumyz barada durup geçmegi Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň barha pugtalanýandygyny aňladýar.

Şyhmyrat ORAZMUHAMMEDOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok