Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaraly bellenjek “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrylan 2021-nji ýylyň 21-22-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýarlar. Bu sergä ýurdumyzda öndürilýän oba hojalygy, azyk senagaty, senagat önümçiligi, gurluşyk materiallary we elektroenjamlaryň önümçiligi we beýlekiler boýunça işleýän hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri gatnaşyp, öz gazanan üstünliklerini görkezýärler.
Olaryň hatarynda ,,MB shoes’’ hususy kärhanasy hem gatnaşdy döreýiş taryhy we öndürýän önümileri hakda söhbetdeş bolduk. ,,Muhammet Balkan’’ hojalyk jemgyýeti 2009-njy ýylda esaslandyrylypdyr. Önümçiligi gurluşyk-binagärlik pudagyndan başlan bu hususy kärhana häzirki wagtda 4 ugur boýunça iş alyp barýar. Olar köwüş önümçiligi, haly önümçiligi, restoran-biznes we gurluşyk işleri. Olaryň öndürýän önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşarky bazarda hem uly islege eýe bolýar. Biz muny eksport nukdaýnazarynda düşündirip bileris. ,,Muhammet Balkan’’ jemgyýeti öndürýän halylary häzirki wagtda Gazagystan Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eksport edilýär. Köwüş önümçiligi bolsa ýakyn günlerde Russiýa Federasiýasyna eksport edilmegine garaşylýar. Hawa ,,Muhammet Balkan‘’ Hususy kärhanasy esaslandyrylan senesine 12 ýyla golaý wagtyň bolandygyna garamazdan ýurdumyzda özüni tanatmagfy başardy. Sebäbi hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümleri halkymyzyň esasy isleg bildirýän harytlary hasaplanylýar. ,,Muhammet Balkan‘’ hojalyk jemgyýeti hem Hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçilere döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, öz önümçiligini barha giňeldýär. Biz hem bu hususy kärhananyň zähmetsöýer işgärlerine zähmet üstünliklerini arzuw edýäris!
.
Haýdar Hamraýew ,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara Gatanaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler