Garaşsyzlygyň miweleri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady galkynyşlaryny bütindünýä ýaň saldyrjak örän giň gerimli dabaralar bilen bellenilip geçiler. Ata Watanymyz Türkmenistan soňky 30 ýylda — Garaşsyzlyk zamanasynda ýurdumyzyň taryhynda henize görlüp-eşidilmedik ägirt uly ösüşleri başdan geçirdi. Taryh üçin uly bolmadyk bu döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda örän düýpli özgertmeler, giň möçberli işler amala aşyrylyp, ägirt uly üstünliklere, belent sepgitlere, arzyly ýeňişlere ýetildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly senäniň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyla golaý döwründe ata Watanymyz ösüş-özgerişli menzilleri külterledi. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda aýgytly ädim ädildi.

Ynamly öňe gitmek üçin geçilen menzillere ser salmak bähbitlidir. Uly toýuň öň ýanynda Garaşsyzlykda gazanylanlara göz aýlamak has-da ýakymlydyr. Bu babatda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hem uly öňegidişlikler gazanylýar we beýik sepgitlere ýetilýär. Bu bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleridir.

   Pederlerimiz tarapyndan mukaddeslige deňelip, keramat saýylan ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň milli özboluşlylygyna, tebigy aýratynlygyna esaslanýan durmuş-ykdysady ösüş maksatlaryny amal etmeklikde ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmaklyk bilen belent sepgitlere ýetdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşdy.

    Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk zamanasynyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran häzirki ajaýyp eýýamynda — Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz ösen tehnologiýalar, kämil innowasiýalar bilen döwrebap ösüşleriň, döwletli tutumlaryň dabaralanýan  ýurduna öwrüldi. Milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, sebit we dünýä ýurtlarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar hem-de Türkmenistan Diýarymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň dünýä ýüzündäki abraýyny barha belende göterýär.

    Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerim bilen gurlup, işe girizilýän, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalarda öndürilýän, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply milli önümlerimiz halkara bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Munuň özi bolsa, Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

     Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy»  tapgyrlaýyn usulda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýa laýyklykda, eziz Diýarymyzyň halk hojalyk pudaklarynyň ähli ugurlarynda ykdysadyýeti dolandyrmaklygyň sanly ulgamyna geçilmegi bilen ilata we edara-kärhanalara ýerlenýän harytlaryň hil derejesi ýokarlandyrylýar, milli hyzmatlar bazarynda ýerine ýetirilýän hyzmatlardan peýdalanmaklygyň usulyýeti has-da amatlaşdyrylýar. Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň döwrebap ösýän ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrýar.

Bu günki günde eziz Diýarymyzyň çar künjeginde dürli maksatly binalardyr ýaşaýyş jaýlaryň, senagat-kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysynyň açylyş dabaralary şanly Garaşsyzlygymyzyň toý ruhuny belende göterýär.

 Watandaşlarymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen döwlet Garaşsyzlygymyz — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mizemezliginiň, mukaddes Watanymyzyň synmaz düýpli binýady bolan ägirt uly ykdysady kuwwatynyň mäkämliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň, bolelin bagtyýar durmuşynyň esas özenidir.

Hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekany hökmünde at-owazasy älem-jahana dolan ýurdumyzda umumadamzat bähbitli möhüm başlangyçlar rowaç alýar. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütüni bolan Garaşsyzlygyň şanly senesi uly buýsanja beslenýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tutuş türkmen halkymyzy şeýle hem hormatly Arkadagymyzy tüýs ýüregimden çuňňur gutlaýaryn. Goý eziz halkymyz elmydama asuda we bereketli watanymyzda parahat we berkarar ýaşasyn! Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri hem elmydama rowaç alsyn!

Kümüş Baýramowa
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok