BELENT SEPGITLERIŇ EÝÝAMY

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şöhratly wakalaryna beslenen eziz Diýarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk döretmäge — kuwwat, gurmaga — güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga — egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar» diýip belleýşi ýaly, döwlet berkararlygymyzyň binýadyny berkitmekde Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty bimöçberdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ýyllarynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň ykbalyny düýpli üýtgetdi, at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy. Ösüşlere beslenýän şol ýyllaryň her birinde mähriban Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen belent sepgitleriň we döwletli tutumlaryň ýüzlerçesi bar. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylan täze maksatlara, ösüş menzillerine ýetmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň durmuşynda asyrlara barabar ýoluň geçilendigini görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmek babatda giň gerimli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli, adamzat ähmiýetli tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin.

Maýa MÜLKAMANOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok