Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynda Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmakda giň möçberli işlere badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr” diýen pähim-parasatly sözleri biziň her birimize ýol görkeziji bolup hyzmat etmelidir. Ýokary zähmet ýeňişleri, taryhy wakalar bilen şöhratlanýan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bu jümle aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Sebäbi indi şanly ýylymyzyň her bir güni bizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toý-dabarasyna ýakynlaşdyrýar.
Ata-babalarymyzy asyrlarboýy arzuw eýläni, hezreti Magtymguly atamyzyň “Berkarar döwlet istärin” diýen göwün ýüwürtmesi müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde hasyl boldy. Türkmen halky Garaşsyz döwleti eýesi boldy. Özbaşdak döwlet bolup, erkini öz eline alan halkymyz üýtgeşik hyjuw bilen zähmete berildi. Şol ajaýyp zähmet hem ýurdumyzyň sähel ýylyň içinde gülläp ösmegine getirdi.
Halkymyza Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni – ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň: “Goý Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!” diýen dürdäne sözlerinde jemlenen arzuwlar her bir günümiziň, aýymyzyň, ýylymyzyň ajaýyp hakykaty bolup dabaralanýar.
Goý, asudalygyň, parahatçylygyň Watany bolan eziz Diýarymyzy belent ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun!
Gaýgysyz KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler