Hormatly Prezidentimiň parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary we içeri syýasaty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň çalt depginlerde ösdürilmegine giň mümkinçilikleri açdy. Bagtyýarlyk zamanamyzyň geçen ýyllarynda bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda ata Watanymyzyň ösüş-özgerişli menzilleri rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary rowaçlanýar.
Garaşsyzlyk zamanasynyň häzirki ajaýyp eýýamynda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halkara bazar ykdysady gatnaşyklary milli ýörelgeleriň özboluşlylygyna we häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap ösüş aýratynlygyna laýyklykda has düýpli özgerdildi. Ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlarynyň halkara bazar ykdysady gatnaşyklarynyň esasynda netijeli we okgunly ösdürilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu şertlere laýyklykda salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegi, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmegi, ýeňillikli karz syýasatynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň pajarlap ösmegine mümkinçilik döretdi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolar. Sebäbi ýene-de sanlyja günden uly dabara bilen belleniljek baş baýramymyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýudyr. Bu ajaýyp baýramçylyga Watanymyzyň ähli künjeginde giň gerimde taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň her bir raýaty baş baýramçylygymyza mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýar. Çünki, biziň şu günki eşretli zamanamyzyň gözbaşynda halkymyzyň alnyndan ak gün bolup dogan Beýik Garaşsyzlygymyz durýar.
Baýrambibi ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler